Animasiýanyň netijeleri презентация

Содержание

Слайд 2

Animasiýanyň netijeleri

Animasiýanyň
netijeleri

Слайд 3

PowerPoint programmasynda görnüşli wizual (görüş) we ses effektleriniň uly toplumyndan

PowerPoint programmasynda görnüşli wizual (görüş) we ses effektleriniň uly toplumyndan peýdalanmak


Effektler bir slaýddan beýlekä geçirilende ýa-da prezentasiýa görkezilende, slaýdyň aýry-aýry obýektleriniň orny üýtgedilende ulanylýar.
Şeýle hem aýry-aýry pursatlara ünsi çekmek üçin, surat görnen pursatynda eşidiler ýaly, el çarpyşmalar görnüşindäki we beýleki ses effektleri berilýär.
Şol bir wagtda effektleriň aşa köp ulanylmagynyň, prezentasiýanyň mazmunyna düşünmäge päsgel berýändigini ýatdan çykarmaly däldir.
Prezentasiýa görkezilende, slaýdlaryň geçişi syçanyň ýa-da klawişiň kömegi bilen amala aşyrylýar. Slaýdlaryň geçiş effektlerini Переходы menýusy arkaly sazlamak bolar.
Слайд 4

Slaýdda aýratyn obýektleriň animasiýasyny sazlamak üçin Анимация menýudan peýdalanylýar Slaýdyň

Slaýdda aýratyn obýektleriň animasiýasyny sazlamak üçin Анимация menýudan peýdalanylýar

Slaýdyň obýektlerini yzygider

tapawutlandyrmak bilen, olara animasiýa berilýär. Olaryň geçiş tertibi, ýüze çykyşynyň we hereketiniň aýratynlygy görkezilýär. Tapawutlandyrylan obýektlere effektler berlende, olaryň ses effektlerini we hereket tizligini sazlap bolýar. Munuň üçin Анимация menýudan Анимация→Область анимации buýrugy bermelidir.
Слайд 5

Mysal. Prezentasiýa obýektleriniň animasiýa effektlerini sazlamaly. Prezentasiýany açýarys. Figuraly teksti

Mysal. Prezentasiýa obýektleriniň animasiýa effektlerini sazlamaly.
Prezentasiýany açýarys. Figuraly teksti tapawutlandyralyň. Анимация

menýudan Анимация→Добавить анимацию→Вход→Жалюзи buýruklary bereliň. Bu ýerden girmekligiň goşmaça effektlerini hem almak bolýar.

Figuraly tekstiň parametrlerini gurnalyň: Начало→Пощелчку→Направ-ление→По горизонтали→Продолжительность→1 сек. (быстро).
Soňra Просмотр düwmäni basmak bilen, döredilen effektler barlanýar.

Suratlar we figuralar üçin animasiýa effektleriniň sazlanyşy birmeňzeşdir. Suraty tapawutlandyrmaly. Анимация menýudan Анимация→Добавить анимацию→Вход → Вылет buýruklary bermeli.

Слайд 6

Suratyň parametrlerini gurnalyň: Начало→После предыдущего, Направление→Снизу, Продолжительность→1 сек. (быстро). Prezentasiýany

Suratyň parametrlerini gurnalyň: Начало→После предыдущего, Направление→Снизу, Продолжительность→1 сек. (быстро).
Prezentasiýany synlap

göreliň. Slaýdyň ähli elementleri sazlaýşymyz ýaly ýagdaýda görkeziler.
Слайд 7

Mysal. Figuralary we animasiýalaryň effektlerini ulanyp, “Men jaý gurýaryn” atly

Mysal. Figuralary we animasiýalaryň effektlerini ulanyp, “Men jaý gurýaryn” atly

prezentasiýany döretmeli.
Power Point prezentasiýa programmany işe goýberýäris. Ülňülerden öz islegimize görä saýlamak üçin, Файл→Создать→Образцы шаблонов→<ülňüni saýlamaly>→Создать buýrugyny bermeli.
Slaýda suratlary öz islegimize görä saýlap almak bolar. Вставка→Фигуры→Выноски yzygiderlik bilen öz islegimize görä figurany saýlap, “Jaý gurýaryn!” we “Arma!” tekstleri ýazalyň. Slaýdyň dürli ýerinde jaýyň üçegini, diwaryny we penjiresini ýerleşdireliň. Biz bu slaýdda üçburçlugy we gönüburçluklary ulanýarys .
Слайд 8

Effektleri bereliň. Goý, jaý diwaryň we jaýyň üçeginiň süýşmegi, penjiräniň

Effektleri bereliň. Goý, jaý diwaryň we jaýyň üçeginiň süýşmegi, penjiräniň bolsa

şol bir ýerde durmagy bilen gurulýan bolsun. Penjire jaýyň diwarynyň durýan ugruny kesgitlemek üçin, merkezde dursun.
Слайд 9

Gönüburçlugy (jaýyň diwary) tapawutlandyralyň. Анимация menýudan Анимация→Добавить анимацию→Другие пути перемещения...→Влево buýruklary yzygiderli ýerine ýetireliň .

Gönüburçlugy (jaýyň diwary) tapawutlandyralyň. Анимация menýudan Анимация→Добавить анимацию→Другие пути перемещения...→Влево buýruklary

yzygiderli ýerine ýetireliň .
Слайд 10

Jaýyň diwaryndan penjirä çenli hereket ugruny gurnalyň. Ugurgörkezgijiň başlangyjy ýaşyl

Jaýyň diwaryndan penjirä çenli hereket ugruny gurnalyň. Ugurgörkezgijiň başlangyjy ýaşyl reňk

bilen, ahyry bolsa gyzyl reňkli markerlerden ybaratdyr. Üçburçlugy (jaýyň üçegi) tapawutlandyralyň. Анимация menýudan Анимация→Добавить анимацию→Другие пути перемещения...→Вправо buýruklary bereliň. Bu ýerde gyzyl markeri, jaýyň üçegini laýyk diwaryň üstünde ýerleşer ýaly edip gurnalyň.
Слайд 11

Indi bolsa “Jaý gurýaryn!” diýen ýazgyly çykgydy (Выноски) tapawutlandyralyň. Effekt

Indi bolsa “Jaý gurýaryn!” diýen ýazgyly çykgydy (Выноски) tapawutlandyralyň. Effekt saýlalyň.

Анимация menýudan Анимация→Добавить анимацию→Вход→Вылет buýruklary bereliň.
Çykaryp ýazmanyň parametrlerini gurnalyň: Начало→После предыдущего, Направление→Сверху.
Saz bilen bilelikde hereket eder ýaly, effektleriň parametrlerini sazlalyň. Çykgydy tapawutlandyralyň we Анимация menýudan Анимация→Область анимации→Параметры эффектов... buýruklaryň yzygiderligini bereliň. Şonda aşakdaky suratdaky Вылет penjire açylar.
Döreden prezentasiýamyzy kompýuteriň ýadynda saklalyň we synlap göreliň.
Имя файла: Animasiýanyň-netijeleri.pptx
Количество просмотров: 61
Количество скачиваний: 0